OGUZKENT
OTELI
ONLAÝN BRONLAMAK

Giriş:
Çykyş:

Ýetişkin
Çaga
ONLAÝN BRONLAMAK

Giriş:
Çykyş:

Ýetişkin
Çaga

«Oguzkent» myhmanhana toplumyna

Hoş geldiňiz!


Aşgabat şäheriniň has merkezinde ýerleşýän we owadan seýilgäh sazlaşyklary (ansambllary) bilen gurşalan, ýagyt we owadan myhmanhana toplumy özüniň myhmanlaryna türkmen paýtagtynyň ähli medeni we işewür ýerlerine barmagy teklip edýär. Daş-töweregi akgar mermerili köçelerde we ajaýyp seýilgäh ansambllerda 2010-njy ýylda açylan «Oguzkent» myhmanhanasy Türkmenistanyň gülläp ösýän paýtagtynyň nyşan alamatlarynyň biri boldy. Myhmanhananyň daş keşbi häzirki zamanyň ajaýyp bezeginiň energiýasyny şöhlelendirýär, şol bir wagtda onuň interýeri bolsa milli nusgaly (biçüwli) haşaýlygyň şöhle saçýan ajaýyplygy bilen utgaşýar.

Aşgabat şäherine haýran galdyryjy görküni berýän, interýerleriniň klassiki we häzirki zaman owadanlygy bilen ýerine ýetirilen 299 sany otagy, şol sanda 34 sany lýuks otagy we 14 sany Prezident lýuks otaglary Sizi baýlyk jümmüşi we häzirki zaman tilsimatlary bilen gurşap alar. Ajaýyp mermeriden suwa düşülýän otaglar telewizorlar bilen enjamlaşdyrylandyr we bu bolsa Size suwa düşýän wagtyňyz söýgüli programmalaryňyza seretmäge mümkinçilik berer. Myhmanhananyň ýanynda uzak wagt ýaşamak üçin 69 sany ajaýyp enjamlar bilen enjamlaşdyrylan apartamentli rezidensiýa bar.

Myhmanhana işewür adamlar, ýatdan çykmajak dynç alyşy geçirmek isleýän adamlar üçin hem oňat laýyk gelýär. Biz Size Konsýerja hyzmatlary we internete tölegsiz simsiz girmek üçin aýratyn serwis hyzmatlaryny teklip edýäris. «Okuzkent» muhmanhanasynyň ikinji gatynda ýerleşýän SPA eksklýuziw SPA dessurlaryny islendik häsiýetli we islegde saýlamak bilen owadanlyk we beden üçin ähli terepiýa hyzmatlaryny teklip edýär. Fitnes zaly, sauna, bugly otag, suw bilen owkalaýan (suw bilen massaj edýän) içki howuz, relaksiýalar üçin otag Siziň ruhy güýjüňizi dikeltmek üçin asuda rahatlagyňyzyň üstüni doldurar we lezzet berer..

Bu ýerde myhmanlara şäheriň has aňrybaşy restoranlary, myhmanhanyň iň soňky gatynda ýerleşýän, üýtgeşik täsirli minimalistik dekorly we Aşgabat şäheriniň ünsüňi çenýän panorama keşbi bolan, özboluşly morroka «Akal-Tekeden» ýokary fransuz aşhanasy bolan «La Table» restorana çenli restoranlar garaşýar. Siz özüňiziň agşamyňyzy goňşy «Lounge Barda» fortepianada çalynýan janly sazdan lezzet almak bilen dowam etdirip bilersiňiz. «Le Bar» düşmek bilen, Siz lezzet alyp we ýokary hilli firma kokteýlini ýa-da ajaýyp içgilerini içip we ýakymly sazlary diňläp bilersiňiz. Biziň tejribeli baş-aşpezimiz bolsa Sizi «Amy-Derýa» restoranynda irdenlik naharynda ýa-da günortanlyk naharynda aýratyn tagamly naharlar bilen hökmän begendirer..

Biz Sizi akmermerili Aşgabat şäherinde türkmeniň däp bolan myhmansöýerligi bilen gurşap alandygymyza begenýäris.